- degişgenlik
- Degişmäni gowy görüjilik, çeper sözler bilen adamlary gülüşdiregenlik, bälçiklik, wäşilik.∙ Maýa jan, öňküje degişgenligiň, Emma işiňde seň edermenligiň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Onuň şähdaçyklygy, oturyşygy, märeke-meýlis söýmegi, degişgenligi oňa agyr durmuşdan çykmaga kömek edýär. (Mollamurt, Saýlanan eserler)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem degişgenlik - degişgenligi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.